Mundan beýläk “Bank” diýlip atlandyrylýan Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky bir tarapdan we mundan beýläk “Ulanyjy” diýlip atlandyrylýän bank kartyny almak hakynda arza gol çekmek arkaly şu şertnamanyň şertleri bilen ylalaşan fiziki şahs beýleki tarapdan, “Bank” we “Ulanyjy” ikisi bileleikde “Taraplar” diýlip atlandyrylýan şahslar aşakdakylar barada şu şertnamany baglaşdylar.
1. Şertnamanyň esasy mazmuny
1.1. Şu şertnama “Taraplaryň” arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk, maliýe we bank hyzmatynyň şertlerini şeýle hem “Ulanyjy” tarapyndan bank kartyndan peýdalanmaklyga degişli kadalaryň göwnejaý ýerine ýetirilmegini düzgünleşdirýär.
1.2. Şu şertnamanyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:
Bank karty - “Altyn Asyr” plastik debet karty.
Bank emitent - müşderi üçin bank kartlary çykarýan we onuň ýerine hasaplaşmalary amala aşyrýan bank.
Bank kartyň eýesi - Ulanyjynyň arzasy boýunça adyna bank karty berlen adam.
Kart hasap - bank karty peýdalanmak bilen hasaplaşyklary geçirmek üçin bankyň Ulanyja açan hasaby.
Pin-kod - şahsy identifikasiýa belgisi bolup ony bank kartoçka bilen bilelikde kartoçkanyň eýesine berýär. Pin kod ATM-lerden nagt pul almak üçin peýdalanylýar.
Bankomat – nagt pul bermek we nagt däl görnüşinde tölegleri geçirmek üçin niýetlenen abzal.
Töleg terminaly - bank kartyny Ulanyja töleg amallaryna geçirmäge hem-de geçirilen amallar boýunça töleg çeklerini emele getirmäge mümkinçilik berýän abzal.
1.3. Bank kartyň üsti bilen amala aşyrylýän töleg amallary Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna we bank tarapyndan bellenilen kadalara hem-de hereket edýän Nyrhnama laýyklykda amala aşyrylýar.
1.4. Ulanyşa goýberilen bank karty Bankyň eýeçiligindedir. Bankyň hereket edýän Nyrhnamasynda bellenen tölegler tölenenden hem-de banka degişli resminamalar tabşyrylandan soň Bank karty Ulanyja ulanmaga berilýär.
2. Kartlary ulanmagyň tertibi
2.1. Bank karty diňe “Altyn asyr” plastik kart ulgamynyň çäginde ulanmak mümkindir;
2.2. Bank kartyň eýesi bolmadyk başga fiziki şahs kartyň hyzmatyndan peýdalanmak hukugynyň subýekti bolup bilmeýär. Ýöne muňa kesgitlenen tertipde resmileşdirilen ynanç hatlary bolan ýagdaýlary degişli däldir.
2.3. Bank karty harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak we bankomatlardan töleg terminallaryndan nagt puly almak we nagt däl görnüşinde tölegleri geçirmek üçin ulanylýar.
2.4. Bank her bir bank karta PIN kody belleýär. Pin kod pin konwertde bolýar we ýapyk görnüşinde ulanyja berilýär. Bankomatlardan we töleg terminallardan bank kart arkaly amallar geçirilende PIN kodyň dogry girizilmegi amal geçirmek üçin esas bolýär. Eger-de Pin kod üç gezek nädogry girizilse, bank kartyň hereketi awtomatiki usulda togtadylýar (çykdajy amallar bes edilýär).
2.5. Bank kartynyň ulanyş möhleti bolup, ol plastik kartyň ýüzünde görkezilendir. Ulanyş möhleti gutaranda bank karty boýunça amallaryň geçirilmegi bes edilýär.
2.6. Ulanyja bank kartynyň pin kodyny üçünji taraplara aýtmak ýa-da bank kartyň ýüzünde PIN kody ýazmak gadagan edilýär.
3. Taraplaryň jogapkärçiligi
3.1. Bank aşakdaky halatlarda bank kartyny ulanyjynyň öňunde jogapkärçilik çekmeýär:
3.1.1. Ulanyjy tarapyndan banka ýazmaça arza tabşyrylýança ýitirilen ýa-da ogurlanan bank kartynda geçirilen amallar boýunça:
3.1.2. Ulanyjy bank kartyny ulanmak hakynda baglaşan şertnamalarynda görkezilen kadalary we amallary bozýan bolsa;
3.1.3. Ulanyjynyň sezewar bolan ýitgilerine.
3.2. Bank, Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda bellenilen çäklerinde Ulanyjynyň amallary boýunça bank syryny berjaý edýär.
3.3. Ulanyjynyň şu şertnamanyň şertlerini nädogry berjaý edendigi bilen baglanyşykly howplar üçin jogapkärçiligi çekýär.
4. Taraplaryň hukuklary we borçlary
4.1. Bankyň hukuklary:
4.1.1. Ulanyjynyň arzasy esasynda bank kartyny bermäge ýa-da sebäbini görkezmek bilen bermezlige;
4.1.2. Ulanyjy öz borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmeýän ýagdaýynda bank kartyny Ulanyjynyň tabşyrmagyny talap etmäge we plastik kartyny oňa gaýtarmazlyga;
4.1.3. Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik bolsa Ulanyjydan bank kart bilen bilelikde onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamany görkezmegi talap etmäge;
4.1.4. Bank tarapyndan tassyklanan Nyrhnama esasynda bank karty ulanylyp geçirilen amallar üçin hyzmat haky töleglerini almaga;
4.1.5. Bank tarapyndan tassyklanan nyrhnama esasynda bank kartyndaky pul serişdeliriniň galyndysyna göterim hasaplamaga;
4.1.6. Bank karty arkaly geçirilen amallaryň we hasaplaşyklaryň dürslügini üpjün etmek maksady bilen wagtlaýynça plastik kartyň işini togtatmaga;
4.1.7. Ulanyjynyň islegine görä şertnama baglaşmak we bank kartyny bermek meselesine özbaşdak seretmäge.
4.2. Bankyň borçlary:
4.2.1. Banka ýüz tutan şahslaryň bank kartyny almak hakyndaky arzasyna garamaga;
4.2.2. Müşderiniň arza beren senesinde 14 günüň dowamynda Ulanyja Bank kartyny taýýarlamaga;
4.2.3. Ulanyja bank kartyny ulanmagyň kadalaryny düşündirmäge hem-de ulanyjynyň bank kartyny ulanmak arkaly geçirilýän amallar boýunça jogapkärçiliginiň çäkleri hakynda doly maglumatlary bermäge;
4.2.4. Bank kartynyň hasaby ýapylan halatynda hasapdaky serişdeleri yzyna gaýtaryp bermäge;
4.2.5. Bankyň gözegçilik edýän bankomatlarynyň we töleg terminallarynyň tehniki näsazlyklary sebäpli Ulanyjynyň çeken ýitgileriniň öwezi senesinden 10 senenama güniň dowamynda Ulanyja tölemäge;
4.2.6. Bank karty ulanylýan amallaryň geçirilmegini we şol amallar boýunça hasaplaşyklaryň dürslügini üpjün etmäge.
4.3. Ulanyjynyň hukuklary:
4.3.1. Internet torunda bank kartynyň berilmegi üçin şertnama baglaşmak meýlini aýan etmäge we şertnama baglaşmaga;
4.3.2. Bankdan bank kartyny ulanmagyň kadalary düşündirmegini talap etmäge hem-de özüniň bank kartyny ulanyp giçiren bank amallar boýunça jogapkärçiliginiň çäkleri hakynda doly maglumatlary almaga;
4.3.3. Bankyň gözegçilik edýän bankomatlarynyň we töleg terminallarynyň tehniki näsazlygy sebäpli çekilen ýitgileriň öweziniň dolunmagy üçin ýazmaça ýüz tutup 10 senenama güni dowamynda degişli maliýe serişdeleriniň tölenmegini Bankdan talap etmäge;
4.3.4. Bank kartyny ulanmak arkaly geçiren amallar hakynda maglumatlary tölegli esasda almaga;
4.3.5. Bank karty ýitirilende ýa-da zaýalananda täze bank kartyny almak üçin arza bilen ýüz tutmaga.
4.4. Ulanyjynyň borçlary:
4.4.1. Şu Şertnamanyň şertlerini we bank kartyny ulanmagyň kadalaryny ýerine ýetirmäge;
4.4.2. Bank kartyny seresaply peýdalanyp PIN kodyny aýawly saklamaga;
4.4.3. Bank kartynyň PIN kody barada maglumaty gizlin saklamaga;
4.4.4. Bank karty ýitirilende ýa-da ogurlananda, bu barada hökmany ýagdaýda iş wagtyň dowamynda banka ýazmaça habar bermäge we özüniň şahsyýetini tassyklaýan resminamany görkezmäge;
4.4.5. Bank tarapyndan tassyklanan Nyrhnama esasynda bank karty ulanylyp geçiriler amallar üçin hyzmat haky tölegleri tölemäge;
4.4.6. Bank kart hasabynda pul serişde ýeterlik derejede bolmadyk we ýalňyşlyk bilen geçirilen pul serişdeler ulanylan ýagdaýynda bankyň öňünde ýüze çykan bergisini yzyna gaýtarmaga.
5. Jedelli meseleri çözmek
5.1. Taraplar Şertnama boýunça ýüze çykan jedelleri deslapdan gepleşikler geçirmek bilen çözýärler.
5.2. Gepleşikler netije bermedik ýagdaýynda, jedeller Türkmenistanyň kazyýet edaralarynda seredilýär.
6. Gaýry şertler
6.1. Şu şertnama internet tory arkaly bank kartyny resmileşdirmekligi we Ulanyja kart bilen bagly bank hyzmatyny guramak üçin Türkmen dilinde düzüldi.
6.2. Şu şertnamanyň islendik şertleriniň üýtgedilmegi taraplaryň arasynda goşmaça ylalaşyk baglaşylmagy bilen resmileşdirilýär we her bir goşmaça ylalaşyk şu şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
6.3. Şu şertnamanyň niýetlenilişi bilen baglanyşykly beýan edilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.